Biziň tohumlyk hojalygymyzyň ösmeginiň taryhy
Başla
Hatda 15 ýyl mundan öň "Pioner"obasy idegsiz diýlip hasaplanylýardy we oňa bir oba mazarçylygy galan "Almaly", "Külbaş", "Urnýak"ýaly obalaryň ykbalyna meňzeş gelejegi garaşýardy. Ýöne birnäçe ýyllaryň dowamynda ata-babalaryň kiçi watanyny, ady tüýs sowet döwründen galan obany dikeltmek meselesini üstünlikli çözýän Safiullin Wazih Lotfullowiç, onuň ogly Aýrat we doganlary Niýaz we Ramil Safiullinlerşona ýol bermäpdirler.
Bu oba Arskiý raýonynda "Nowyý Kyrlaý " obasynyň yzynda, oba arasyndaky ýoluň dogrusynda bäş kilometrlik aralygynda ýerleşýär.Öňki zamanalarda bu ýerde oba kluby, dükan, başlangyç mekdep bardy. Oba hojalygynda bolsa köp goýunlar bakylyp towuklar hem ösdürilip köpeldirilýärdi. Emma geçen asyryň 70-nji ýyllarynda bu oba perspektiwasy ýok obalaryň sanawyna düşüpdir. Şondan bäri oba ýuwaşlyk bilen dagap başlady, agyr 90-njy ýyllar bolsa obany şeýle bir pes derejä düşürdi weli, geçen asyryň ahyrynda bu ýerde hemişelik diňe bir adam ýaşaýardy.
— Bilýärsiňizmi, dogduk obaňyň seniň gözüňüň öňünde ölüp durmagyna seretmek ýaman agyr düşýärdi, — diýip Aýrat Safiullin aýdyp berýär. — Käbir adamlar odun almak üçin eýesiz galan jaýlary söküp başlaýarlar, elekrtigi tok ýok, obanyň bar ýerini krapiwa, burýan we beýleki otlar basyp aldy. Ejemiň we kakamyň ikisiniň asly şu ýerden, "Pioner" obasyna meniň iň gowy we ýakymly ýatlamalarym baglanyşyklydyr. Mekdep okuwyndan boş ähli wagtlarym men bu ýerde geçirýärdim.
Oba galkynyşy
Ilki bilen Safiullinler umumy tagallalar bilen, kakasy Aýrat Wazihowiçiň öňki köne jaýynyň ýerinde täze jaýy dikeldiler. Edil öňki ýaly jaýy gurdular. Uly işiň başy ýola goýuldy. Senenamada 2003-nji ýyl geçip durdy.
Tiz wagtda respublikanyň oba ýerlerine gazy geçirmek meýilnamasy esasynda oba gaz geçirildi.Elektrigi toguň ulgamy dikeldilip merkezileşdirilen suw üpjünçiligi açyldy. Oba durmuşynyň güýji gaçan künjegi ýuwaş-ýuwaşdan direlip başlady.
KFH «Safiullin»
Malsyz oba — ýetimdir. Şeýdip Safiullinler çözdüler we eýýäm 2004-nji ýylda bu ilatly nokadynda «Safiullin» Jemgyýetçilik Fermer Hojalygy(JFH) açylýar. Ilki wagtlarda hojalykda gazlary, towşanlary, goňşy Baltasinskiý raýonyndan getirlen birnäçe goýny saklap başladylar. Ýöne näme üçindir, Pionerde öý mallaryny saklamagy başa barmady.
Bu şowsuzlyk Aýrat Safiullini niýetinden saklamady, we biraz wagt geçenden soň ol Moskwadaky oba hojalyk sergisinden romanow tohumyndaky goýunlaryň 6 göleli bir maşgalasyny alyp geldi. Şu wagta çenli JFH –ň maldarçylyk jaýlarynda atlar we gereford mallary saklanýan bolsa-da, esasy işleri irimçik ýüňüň (possunlary tikmeklik ugry) bardygy we ýokary önümliligi bilen tapawutlanýan goşatoýnakly süýdemdirijileri ösdürip ýetişdirmek ugrunda geçirlip başlandy.
«Pioner» JÇJ-ň
Romanow tohumyndaky goýunlary senagat esasynda ösdürip ýetişdirmekligiň syrlaryny öwrenmek maksady bilen, işe ýaňy başlan fermerler Ýaroslawskaýa we Iwanowskaýa oblastlaryndaky genofond hojalyklary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdular. 2005-nji ýylda bolsa Ýaroslawskaýa oblastynyň Ugliç raýonyndaky «Rodina» BSK-dan 18 romanow tohumyndaky goýun getirildi. Şu wartyň özünde-de başlygy Aýrat Safiulliniň özi bolan «Pioner»SH JÇJ-ň düýbi tutuldy.
Mallar köpelýär
«Pioner»-de romanow tohumyndaky goýunlaryň sanyny köpeltjek bolup goýunlaryň täze ýaşaýyş ýeriniň olaryň önümliliginiň durnuksyzlygyna edýän täsirine aýratyn üns berdiler . Şonuň üçin, seleksiýa işleriniň başynda mallaryň täze saklanyş şertlerine öwrenişmegine bil bagladylar. Şondan soň, ýuwaş-yuwaşdan urkaçy goýnuň köpelýänligini artdyrmak, ýaş goýunlary saklamak ugrunda işleri geçirip başladylar. Bu işleri geçirmekde 2009-njy ýylda satyn alnan we gurnalan «ROMSEL» elektron seleksiýa programmasy uly kömek berdi.
Russiýanyň iň oňat fermalarynyň biri
Mallaryň sanynyň köpelendigi üçin, «Pioner» tohumlyk hojalygy birnäçe ýyllaryň içinde köp sanly sürüni döretdi. Şu günki günde bu ýerde romanow tohumyndaky 1 müňden köp goýun saklanylýar. Respublikanyň önümlilik (tohumlyk) meýilnamasy esasynda işläp bu kärhana her ýyl birnäçe ýüz tohumlyk urkaçy goýny we goýny ýerleýär.Ýerlenýän mallaryň ählisine tohumlyk we weterinar şahadatnamalary resmileşdirilýär.
Ýene bir zady ýörite belläp geçmek gerek,häzirki wagtda mallary satyn aljak bolýan diýseň köp: satyn aljaklaryň nobaty iki ýyllyk möhletine yzygiderli bellenildi, ýerli goýunlary satyn almak üçin sargytnamalar bir Russiýanyň dürli sebitlerinden däl-de, hatda başga ýurtlardan gelýärler. Bu geň zat däldir.Sebäbi häzirki pursatda «Pioner» Russiýa goýundarlarynyň assosiýasyna girýär we Tatarstanda romanow tohumyndaky goýunlary ösdürip ýetişdirýän ýeke-täk tohumlyk hojalygy bolup durýar. Şonuň ýaly oba hojalyk kärhanalarynyň goňşy Samarskaýa, Ulýanowskaýa, Kirowskaýa oblastlarynda, Udmurtiýada, Mariý Elde we beýleki sebitlerde ýoklugyny hem nygtalamak gerek
Işe täze başlan wagtlary bolsa «Pioner»-däki fermerlere ynanýan adam ýokdy. Goýundarçylygyň ugruna çykyp şowsuzlyga duçar bolarlar diýip gaýtalap aýtýardylar. Arskiý raýonynyň baştutany Almas Nazirow hem hojalygyň şowly gelejegine şübhelendi ýöne obany dikeltmek boýunça taglymy bütinleý goldady.