Romanow tohumyndaky goýunlar -russiýa goýundarçylygynyň buýsanjydyr. Olar hakykatdan hem goýundarçylygyň lideri bolup biziň ýurdumyzyň köp sebitlerinde ösdürlip ýetişdirilýärler. Watanynyň goýundarçylygyny güýçlendirmek maksady bilen, Sileziýadan Russiýa iki goýundary getiren Pýotr I özi bu tohumdaky goýunlaryň ösdürlip ýetişdirilmegine ýol açypdyr.Ilkinji roman tohumyndaky goýunlar Ýaroslawl guberniýasynda 1802-nji ýylda ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu tohumdaky goýunlaryň meşhurlygy eýýäm iki asyrdan bäri ýokary derejede durýar.Olara bir russiýa goýundarlary tarapyndan ýokary baha berilýän däl-de, olar dünýäniň beýleki köp ýurtlarynda hem ösdürilip ýetişdirilýärler.
Tohumyň häsiýetleri
Öň goýundarçylyk Russiýaniň Demirgazyk Kawkazy ýaly diňe günorta sebitlerinde giňden ýaýradylypdyr. Romanow tohumyndaky goýunlaryň aýratynlygy mallaryň howanyň dürli, şol sanda ýowuz şetrlerine uýgunlaşyş ukybydyr. Şol zerarly, romanow goýunlary bir Orta Zolagyň sebitlerinde däl-de, Ural, Sibir, Altaý we hatda Kamçatka ýaly has demirgazykda ýerleşýän sebitlerde özlerini oňat duýýarlar. Bu mallaryň ýüňi olary yssada yssylyga gyzynmakdan, gaty sowukda çendenaşa üşemekden goraýar.Goýunlar -30 °C çenli sowuklyga gowy çydaýarlar.
Romanow tohumyndaky goýunlarçalt ösýärler we tiz semreýärler.Guzylar eýýäm 3 aýlygynda 18-20 kg agramyny, 7-9 aýlygynda bolsa 35-45 kg agramyny gazanýarlar. 4 aýlygynda olar kämilligine ýetýärler, ýöne olaryň agramy diňe 40 kg ýetenden soň köpelişip başlaýarlar.
Romanow goýunlary
- giň döşi;
- tekiz arkasy;
- berk beden gurluşy;
- berk göni aýaklary;
- galyn we gujurly sünkleri;
- gowy ösdürilen beden etleri;
- dik durýan gulaklary;
- tegelek göwresi;
- kiçi uzynak kellesi;
- gysga guýrugy
bilen häsiýetlenýärler
Hem goýun, hem urkaçy goýun hem sahaly, hem sahasyz bolup bilýärler. Tohumlyk goýunlarynyň ortaça agramy - 60-80 kg bolup, ýöne 100 kg hem ýetip bilýär, tohumlyk urkaçy goýunlarynyň agramy 45-60 kg ýetip, iň uly agramy 90 kg deň bolýar.
Gowulyklary
Romanow tohumyndaky goýunlar seýrek duş gelýän häsiýetlere eýe bolýarlar. Bu mallar aşakda görkezilen häsiýetler bilen tapawutlanýarlar.
- poliestrikligi. Şu häsiýete sebäpli olar ýylda iki gezek ýa-ga 2 ýylda üç gezek köpelişýärler;
- tiz ýetişmekligi we ir kemala gelmekligi. 6 aýyň içinde romanow tohumyndaky goýun 40 kg çenli semräp bilýär;
- oňat köpelýänligi. Bir sapar 1-den 9-a çenli guzyny dogmagy mümkin;
- ýyly, owadan, berk we ýuka önümler öndürilýän ýokary hilli goýun derisi. 6-8aýlyk guzynyň derisi iň gymmat goýun derisi diýlip hasaplanylýar;
- tagamly we ýumşak berhiz eti.
Önümi
Oňat köpelýänligi üçin, bu tohum eti öndürmek boýunça ilkinji ýerleriň birine eýe bolýar - bir urkaçy goýundan ýylda etiň 100 kg-na çenli gazanyp bolýar. Agramy takmyn 40 kg deň bolan guzydan sap etiň 20 kg öndürilýär. Ýüň öndürmekde-de romanow tohumyndaky goýunlar yzda galanok – bir goýunudan ýylda 1,5 den 3,5-e çenli kg ýüň gyrkylyp alynýar. Romanow tohumyndaky goýunlaryň ýüňi ýokary hilli ýüňdür. Oňa sütügiň köplügi üçin gymmat baha kesgitlenip berilýär. Ol keçe basylýan önümçilikde ulanylýar, ondan ýüň sapaklary we ýokary hilli ýüň matalaryny öndürýärler.
Romanow tohumyndaky goýunlar süýt berýän goýunlar tohumyndan bolmaýan bolsa-da, bu ugur hem perspektiw ugur hökmünde hasap edilýär. Bu goýunlaryň süýdi 6,8 -den 8 % -e çenli ýokary ýaglylygy bilen tapawutlanýar. Ondan önümiň minimal harçlanmagy bilen ýokary hilli peýnir öndürilýär. Bir urkaçy goýun üç aýyň içinde süýdüň 120 l-ne çenli berip, iň oňat ýagdaýlarda bolsa 150 l-ne çenli hem öndürýär.